Täze okuw ýylynyň başynda «Times Higher Education» (THE) iňlis žurnaly tarapyndan täzelenen dünýäniň iň gowy ýokary okuw jaýlarynyň hataryna ‒ The World University Rankings 2022 ‒ ilkinji gezek türkmen ýokary okuw jaýy ‒ Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty-da girdi.
Bary-ýogy üç ýyl ozal döredilen institutda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejesindäki uniwersitetleriň sanawyna goşmak boýunça yglan eden meselesini çözmek üçin, ýörite meýilnama işlenip düzülipdir. Bu meýilnama laýyklykda, okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmek, sanly platforma geçmek, şeýle hem halkara tejribesini we milli ileri tutulýan ugurlary doly birleşdirmek göz öňünde tutulypdyr. Özi-de, öňdebaryjy daşary ýurt ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge aýratyn üns berlipdir.
Bu resminama laýyklykda, institut talyplaryň we mugallymlaryň halkara akademiki işbirligini döredip, dünýä ylmynyň gazananlaryna we toplanan milli tejribä esaslanmak bilen, okuw we ylmy çärelere innowasion okuw usullaryny girizip başlapdyr. Netijede, Oksford, Garward, Prinston, Stenford, Ýel we Çikago uniwersitetleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty-da “Times Higher Education”-iň global reýtingine girizilipdir.
Tutuş dünýäde meşhur reýting akademiki jemgyýetçilige, şeýle hem iş berijilere, bu ýa-da beýleki ýokary okuw jaýynyň dünýä we milli derejesinde nähili görünýändigini açyk görkezýär. Häzirki wagtda şeýle reýtingler uniwersitetleriň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermekde möhüm rol oýnaýarlar.
Ýokary okuw jaýymyzyň bu sanawa goşulmagy ýurduň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim pudagynda alyp barýan paýhasly syýasatynyň ýene bir subutnamasy boldy. Bu syýasatyň netijesinde abraýly halkara olimpiadalarynda baýrak alýanlarymyzyň sany ýylsaýyn artýar, türkmen talyplarynyň öňdebaryjy dünýä institutlarynda okatmak ulgamy ýokary depginde ösýär.