• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm

Mekdep barada

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi “Ýurdumyzda orta hünär okuw mekdeplerini döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran 13718-nji karary esasynda “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň başlangyç hünär okuw mekdebiniň binýadynda döredildi. Mekdep “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň tabynlygynda bolmak bilen, orta hünär bilim maksatnamasyny amala aşyrýan hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet orta hünär okuw mekdebidir.

Mekdep 1930-njy ýylda gurlup, şol döwürde Türkmenistanyň Suw transporty Halk komissarlygyna degişli bolan Çärjew Derýaçylyk tehnikumy hökmünde döredilýär. 1941-nji ýylda bu okuw jaýy SSSR-iň Deňiz floty ministrliginiň garamagyndaky Çärjew Derýaçylyk tehnikumyna öwrülýär. 1952-nji ýyldan başlap, Çärjewiň Derýaçylyk tehnikumy SSSR-iň Deňiz floty we Ýokary Bilim ministrligine degişli edilýär. 1994-nji ýyldan bu tehnikum Orta Aziýa boýunça Gämiçilik dolanyşygyna degişli edilýär.

1998-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bu okuw jaýy Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen derýa parohodçylygynyň işçi hünärmenleri taýýarlamak boýunça merkezine öwrülýär. 1999-njy ýylda bu merkez “Türkmenderýaýollary” müdirligiň professional liseýine öwrülýär. 1999-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen öňki Derýaçylyk tehnikumynyň binýadynda “Türkmenderýaýollary” müdirliginiň Hünärment mekdebi döredilýär.

2001-nji ýylyň oktýabrynda bu liseý “Türkmenderýaýollary” müdirliginiň hünärment mekdebi diýlip atlandyrylýar. 2003-nji ýyldan başlap bu okuw jaýy “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň Hünärment mekdebi diýlip atlandyrylyp başlanýar. 2012-nji ýyldan Hünärment mekdebiniň ady “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň başlangyç hünär okuw mekdebi diýlip üýtgedildi. Mekdebiň esasy wezipeleri:

- Türkmenistanyň Bilim syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek;

- içerki suw ýollary pudagynyň orta hünär bilimli hünärmenlere bolan sargytlaryny ýerine ýetirmek we isleglerini kanagatlandyrmak;

- Türkmenistanyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüşiniň talaplaryny kanagatlandyrýan orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamak;

- tölegli esasynda başlangyç hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamak, içerki suw ýollary pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça bilim maksatnamasyny amala aşyrmak bolup durýar.

Okuw bölümi

GEREKLI RESMINAMALAR

1) bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza

2) bellenilen nusgadaky sowalnama

3) umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy

4) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy

5) soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama

6) bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty

7) 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat

8) işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi

-giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

-şahsy pasportyny

-Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

2024-2025 ýylynda 13 hünär

1) Gämi sürmeklik

2) Jemgyýetçilik iýmit önümleriniň tehnologiýasy

3) Senagat we raýat jaý gurluşygy

4) Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary

5) Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi

6) Kompyuter ulgamlarynda programmirlemek

7) Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit

8) Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi

9) Maglumatlary goramagyň guralyşy we tehnologiýasy

10) Logistikada oprasion işi

11) Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak

12) Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary

13) Gämi gurluşygy we abatlaýyş

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde

0
Talyp
0
Mugallym
0
Hünär

Göreldeli mugallymlar

Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersinden mugallym
Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary dersinden mugallym
Rus dili dersinden mugallym
Matematika dersinden mugallym
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy dersinden

Döwlet ders bäsleşiginiň ýeňijileri.

Atamyradowa Açylgül Hydyrowna

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Gämi sürüjilik” hünär ugry boýunça 201-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş” dersinden II orny eýeledi.

Hümmetöwezowa Şabibi Ýagşymyradowna

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony goramak” hünär ugry boýunça 213-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş” dersinden II orny eýeledi.

Baýramowa Aýsoltan

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň "Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi” hünär ugry boýunça 111-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş” dersinden II orny eýeledi.

Altyýewa Aýnur Mämmetjanowna

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň "Gämi sürüjilik" hünär ugry boýunça 201-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde "Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary"dersinden II orny eýeledi.

Ýoldaşew Guwanç Ýoldaş ogly

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň "Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy" hünär ugry boýunça 204-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde "Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary"dersinden II orny eýeledi.

Ýazowa Agabeg Döwletgeldiýewna

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi” hünär ugry boýunça 111-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Türkmenistanyň taryhy” dersinden II orny eýeledi.

Muhammedow Mergen Muhammetgeldiýewiç

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Gämi sürüjilik” hünär ugry boýunça 101-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Türkmenistanyň taryhy” dersinden II orny eýeledi.

Hamdamowa Aziza Ikramowna

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Logistikada operasion işi” hünär ugry boýunça 209-njy okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Rus dli” dersinden II orny eýeledi.

Galiulin Ruslan Rustamowiç

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek” hünär ugry boýunça 106-njy okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Rus dili” dersinden III orny eýeledi.

Sahatowa Nurana Magtymgulyýewna

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünär ugry boýunça 208-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Matematika” dersinden III orny eýeledi.

Baltaýew Dawut Jeýhunowiç

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony goramak.” hünär ugry boýunça 113-nji okuw toparynyň talyby 2023-nji ýylda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy” dersinden III orny eýeledi.