Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, behişdi bedewlerimiz hem özüniň ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen dünýä bellidir. Lälezar sähramyza ajaýyp görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär.
Aprel aýynyň 20-sine Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat — Mary ýolunyň kesgitlenen bölegi boýunça uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. 60 kilometr menzili geçmek ugrunda badalga berlen ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Döwlet serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň atlary gatnaşdylar. Uzak aralygy geçmegi maksat edinip, pellehana ilkinjileriň biri bolup ýetmek ugrunda bedewlere atlanan çapyksuwarlar ezberlik we ussatlyk bilen hereket etdiler. Aralygyň uzaklygy çapyksuwarlardan bedewe erk etmegiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagy talap edýär. Şo-ňa görä-de, olar atlanan bedewleri bilen bir jan-bir ten bolup sazlaşykly hereket edýärler.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uzak aralyga guralan atly ýörişde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan bedewler öň¬deligi eýelediler. O.Annaýewiň çapyksuwarlyk eden Meşhur atly dor aty pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Ol bellenen aralygy 2 sagat 41 minut 58 sekuntda geçdi. Pellehana ikinji bolup gelen Garaduman atly gara bedew (çapyksuwary M.Meläýew) bellenen aralygy 2 sagat 42minut 23 sekuntda geçdi. Ady agzalan toplumyň Gaýduw atly gara bedewi (çapyksuwary T.Babaýew) pellehanadan üçünji bolup geçmegiň hötdesinden geldi. Ol bellenen 60 kilometr aralygy 2 sagat 44 minut 46 sekuntda geçdi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 23-nji aprelde geçiriler we emin agzalary “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen hormatly ada mynasyp bedewi saýlarlar. Ýe¬ňijä göçme kubok hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly ýe¬ňil awtoulag sowgat berler.
Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron saýtynda habar berilýär.