• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryacylyk@sanly.tm
"Açyk gapylar güni" gecirildi.

10.05.2022-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde “Açyk gapylar günleriniň” açylyşy guraldy. Onda okamaga hünär öwrenmäge höwes bildirýän ýaşlar we mekdep okuwçylary talyplaryň öz elleri bilen ýasan görkezme esbaplaryň sergisine syn edip bildiler.

Günüň dowamynda açyk sapaklar, aýdym sazly çykyşlar guraldy.

Direktoryň orunbasary I.Atahanow ýaşlara mekdebiň taryhy barada, häzirki okadylýan hünärler we olaryň ýurdumyzyň senagatynda, oba- hojalygynda, ykdysadyýetinde tutýan orny barada gürrüň berdi.