Şu gün Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda şäheriň orta mekdepleriniň okuwçylary we orta hünär okuw mekdebimiziň gämi sürüjilik hünäriniň mugallymy bilen bilelikde Amyderýada “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Watan gämisinde syýahat geçirildi. Bu syýahat okuwçylarda belli bir hünäre bolan höwesiň döremekligi, okuwçylaryň dünýä garaýşynyň giňelmegi, gämi sürmeklige bolan höwesini mugallymyň gözegçiliginde amala aşyryp görmeklik maksady bilen guraldy. Gämide syýahat döwründe mugallym okuwçylara gämi sürmeklik barada umumy düşünje berip okuwçylaryň şol hünäre isleg bildirmekligini gazandy.