Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün - günden gülleýär. Bilşimiz ýaly ýurdumyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulgamlara ýagny sanly aragatnaşyk ulgamyna geçýändigini muňa mysal getirip bileris. Mälim bolşy ýaly Türkmenistan bütin dünýä halkara optiki süýümli aragatnaşyk magistralyna çatylandyr.
Optiki süýümiň esesy aýratynlygy habarlary ýokary hilli we ýokary tizlikde çalt bir punktdan beýleki punkta ibermekde uly rol oýnaýar. Mundan başgada internet kafeleri we altyn asyr öýjükli kärhanasy biziň ýurdumyzda hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kosmos giňişliginde “Türkmenälem 520E” ýeriň emeli hemrasy uçurylyp telekommunikasiýa ulgamynyň ösmegine uly ýardam berýär.
Mundan başga-da Telekomunikasiýa ulgamynyň ösýändigini orta hünär okuw mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda telekommunikasiýa hünärleriniň açylmagy, okuw sapaklarynyň girizilmegi munuň subudy bolup durýar.
Biziň derýaçylyk orta hünär okuw mekdebimizde Maý aýynyň 17-sine Taşbaýew K., Rahmanow S., Jumakulyýewa M., Çaryýewa Ş., mugallymlarynyň gurnamagynda “Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary” hünärlerinde bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda aýdym – sazly çäre geçirildi. Onda talyplar öz bilim alýan hünäri hakynda giňişleýin düşünje berdiler. Talyplar tomaşaçylaryň dynç almagy üçin, gyzykly sahna oýunlaryny, milli tanslary ýerine ýetirmek, goşgulary okamak bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar.