Çärämiziň esasy maksady Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini dabaralandyrmak hem-de hormatly Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykýan “Ömrümiň manysy” atly kitabyny wagyz etmek, onuň many mazmunyny her bir maşgala we maşgala agzalaryna ýetirmek.
Türkmenistan döwletiniň ýer ýüzünde, türkmen halkynyň bolsa dünýä halklarynyň arasynda özüniň mynasyp ornuna eýe bolan şeýle ajaýyp günlerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kämil zehini bilen dörän “Ömrümiň manysy” atly eseriniň ildeşlerimize gelip gowuşmagy we giňden öwrenilmegi halkymyzyň göwnini galkyndyrdy.
Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, ösüşiň täze sepgitlerine ýetilmegi, şu günümiz we geljegimiz üçin örän möhüm başlangyçlary öňe sürýän hormatly Arkadagymyzyň bu kitaby mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hemişelik Bitaraplygymyz, ata-babalarymyzyň beýik işleri, türkmen topargynyň gülläp ösmegi, saz, söz, sungat, medeniýet, parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, milli garaýyşlar, milli duýgy-düşünjeler, döwletlilik, syýasat, adalat, diplomatiýa, taryh hem miras, şu günümiz hem geljegimiz hakynda söhbet edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby ösüşiň täze tapgyry – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwrüniň geljekki 30 ýyly üçin kesgitlenen beýik maksatlara ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berer.
Halkymyz hemişe ýagşylyga ýaran bolup gelendir, her ýerde, her ýagdaýda ýagşylygy ündändir.
Biz ata-babalarymyzyň mirasdüşerleridiris. Ata-babalarymyzyň ynam-ygtykadyny, däp-dessuryny, dinin, ýorelgesini, bütin ruhy-medeni gazananlaryny öwrenmek, olary döwre görä öňe alyp gitmek işi bu gün biziň egnimize düşýär. Döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, berkitmek, onuň hiç mahal mizemezligini gazanmak, biziň mukaddes borjumyzdyr, iň belent wezipämizdir. Muňa hötde gelmek üçin halkymyzyň ynanjyny hem mertbesini kesgitleýän milli ruhy gymmatlyklarymyzyň gadyryny bilmegimiz, olary aýawly saklamagymyz we ösdürmegimiz zerur. Biziň hiç mizemejek milli ruhy gymmatlyklarymyz berkarar döwletimiziň sarsmaz polat sütünleridir!
Şu dabara mynasybetli biziň derýaçylyk orta hünär okuw mekdebimizde 2022-nji ýylyň 30-njy maýynda mekdebiň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň başlygy S.Ýazmedowanyň, medeni çäreleri gurnaýjy Ş.Çaryýewanyň we kitaphanaçy F.Çaryýewanyň gurnamagynda Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we “Döwlet hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr” atly bäsleşik geçirildi.
Biz hem hormatly Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaby bize peşgeş berendigi üçin öz çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris we onuň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileg edýäris, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.