2022-nji ýylyň 9-njy iyunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Ge¬ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary esasy ýörelge edinýän hajy Arkadagymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen yzygiderli gyzyklanýar. Nobatdaky iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz welaýatyň merkezindäki köpugurly hassahana baryp, ilatyň, aýratyn-da, çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi.
Iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, bu ýerde döwrebap bilim almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, okuw-terbiýeçilik işini ösdürmegiň hem-de okatmagyň ýollary, okuw işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada pikir alşyldy.
Çykyş edenler institutyň talyplarynyň halkara bäsleşiklere we ders olimpiadalaryna yzygiderli gatnaşýandyklaryny aýtdylar. Bularyň ählisi döwletimiziň milli bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zaman tejribäni hem-de ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkdagymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçiren duşuşygynda sanly ulgamy ösdürmekligi nygtamaklygy biziň orta hünär okuw mekdebimiziň bilim işgärlerini we talyp ýaşlaryny diýeseň begendirdi.