Ýaş nesiller her bir döwletiň geljegi hasaplanylýar. Türkmenistan döwletimiz hem geljegi bolan ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhubelent, döwrebap bilim almagy barada alada edip, birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Şeýle işleriň ýene-de biri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-de ýurdumyzyň ähli çäginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän baýramlaryň biri bolan “Bilimler we talyp ýaşlar gününde” Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşyny etdi. Bu gurultaýda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi bolsa ýaş nesillerimiziň başyny göge ýetirdi.
Sentýabr aýynyň 10-nda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi.
Maslahatda mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary I. J. Atahanow, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky alyp barýan syýasatynyň ýurdumyzyň ýaş nesillerini döwrebap ylym we bilim, terbiýe bermekde, ýaşlaryň hukuklaryny kepillendirýän möhüm işleriň biridigini belläp, ýaşlaryň joşgunly, hyjuwly, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasly, şu güne buýşançly, röwşen geljege ynamly ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi. Mekdebiň mugallymlary G.Jumanazarowa, B.Jumaýewa we talyplaryň eden çykyşynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi bilen Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeleriniň kegitlenmeginiň çäklerinde ýurdumyzdaky ýaşlaryň hataryna indi 35 ýaşa çenli uzaldylýandygyny, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işleri kämilleşdirilmelidigini, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmelidigini, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşüriljekdigini we başgada ýaşlarymyzyň bähbitlerini araýan birnäçe işleri aýdyp geçdiler. Maslahatda çykyş edenler sözüniň ahyrynda gijesini gündiz edip işleýän, halky üçin arman-ýadaman zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriniň barha rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.