Şu gün Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi” hünäriniň 3-nji ýyllyk talyp ýaşlary bilen bilelikde mugallym Maýsa Ýazowanyň ýolbaşçylygynda Lebap welaýatynyň merkezi kitaphanasynda tejribe sapagyny geçdiler. Kitaphana işgärleriniň görkezmesi bilen kitaphananyň binasyna gezelenç edip, merkezi kitaphanada jemi 6 bölüm barlygyny, okalga zallarynda ähli şertler bilen üpjün edilendigini, ýagty we arassa okalga zalynda kitap okamaga gelen raýatlar rahatlykda amatly ýagdaýda özlerine gerek bolan maglumatlary tapyp bilýändigine göz ýetirdiler.
Kitaphanada ýaşuly okyjylarymyz üçin niýetlenen ýaşulylar otagy, elektron kitaplaryny özünde saklaýan internet zaly, çagalar bölümi, gadymy türkmen kitabynyň muzeýi bölümlerinden ybaratdygyny kitaphananyň işgärleri tejribe sapak döwründe tanyşdyrdylar. Internet zaly kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilip, okyjylar ol ýerde islän kitabyny elektron görnüşini tapyp bilýärler.
Çagalar bölüminde amatly şertler döredilip, çagajyklar bu ýerde islän kitaplaryny, ertekilerini we çagalar üçin niýetlenilen goşguly kitaplary okamana mümkinçilik döredilen.
Soňra kitaphanaçynyň görkezmesi bilen biz kitaphanada döredilen gadymy türkmen kitabynyň muzeýine baryp, muzeýde türkmen halkynyň ilkinji kitaplary barlygyny, ol kitaplaryň latyn we arap elipbiýlerinde neşir edilen bolup el degirmesiz görnüşde saklanylýandygyny, kitaphana işgäriniň aýtmagyna görä bu kitaplar Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutyndan getirlendigini öwrenildi.
Kitaphanaçynyň beren maglumatyna görä welaýatymyzyň merkezi kitaphanasy 2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-inde dabaraly ýagdaýda uly şatlyk bilen açylypdyr. Kitaphanada 3mln neşir bölegini saklamak hemde birbada 450 okyja hyzmat etmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilipdir.
Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygymyzy bildirýäris.