Şu gün Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde mekdebiň kitaphanaçysy F.Çaryýewanyň, medeni çäreleri gurnaýjy Ş.Çaryýewanyň, Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň başlygy S.Ýazmedowa gurnamagynda Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara mekdebimiziň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Mekdebiň mugallymlary A.Işankulyýew, Ý.Ýazmyradow, W.Şageldiýew dagylar kitabyň mazmuny barada çykyş etdiler olar öz çykyşynda kitapda bellenilişi ýaly, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini we onuň eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýany ulanmak esasynda senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň energetikany ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildigini aýtdylar. Şolaryň hatarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli Milli maksatnamasy” bardygyny belläp geçdiler. Maksatnamalarda şu ýyl ýerine ýetirilmegi zerur bolan anyk wezipeler kesgitlenilendigini aýtdylar.
Kitapda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň ösdürilmegini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilendigini belläp geçdi.
Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ösüşiniň esasyny düzýär şol sebäpden, Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby ösüşiň täze tapgyry – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwrüniň gelejegi üçin kesgitlenen beýik maksatlara ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berer.
Mekdebiň mugallymlarynyň kitap bilen tanyşdyryş çykyşyndan soň talyplar özleriniň aýdym sazly tanslary bilen çäräni jemlediler.
Biz hem Hormatly Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaby bize peşgeş berendigi üçin öz çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris we onuň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileg edýäris, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.