• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryacylyk@sanly.tm
Talyplar awtomenzilde göçme sapakda.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz ulag syýasatyny öňe sürmek bilen, häzirki zaman köp ugurly ulag - aragatnaşyk ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş- ykdysady taýdan ösdürilmegine we tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirlen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurdygyny belleýär. Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýeti ýurdumyzyň ulag ulgamynyň öňünde diňe bir düzümleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça goşmaça talaplary däl, eýsem täze tehnologiýalary we innawasion çözgütleri ornaşdyrmak, hyzmatyň hem-de meýilleşdirmegiň hilini ýokarlandyrmak iş dolandyrmakda päsgelçilikleri azaltmak ýaly wezipeleri has öňe sürýär. Häzirki zamanyň barha ösýän talaplaryny nazara almak bilen, Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze, döwrebap awtomobil köprüsini gurmak maksada laýyk hasaplandy.Şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy –Garabogaz - Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354m, ini 21m bolan ikitaraply gatnawly awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistiki düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär.

Türkmenabat şäherinde täze açylan “Awtomenzil” doly ulanylmaga berildi.Munuň bilen bilelikde ýurdumyzyň Balkan,Daşoguz hem-de Mary welaýatynda täze ýolagçy awtoulag menziliniň açylyş dabarasy geçirildi.

Şu gün Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Mowlýamowa Feruza bilen birlikde Logistikada operasion iş hünäriniň talyplary Türkmenabat şäherindäki täze açylan Awtomenziline ulaglaryň gatnawynyň tertibi, ýolagçylara döredilen şertleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin göçme sapak geçirdi.Sapagyň dowamynda talyplar Awtomenziliň her desganyň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup bir gije gündizde 700 ýolagça hyzmat etmäge hem-de şäher, şäherýaka we şäherara ugurlarda awtobus ýolagçylaryna ýokary hilli hyzmatlaryny hödürlemäge niýetlenendigini, täze açylyp berlen Awtomenzil iki gatly binalardan ybarat bolup, binalaryň içinde ýolagçylar we myhmanlar üçin elektron onlaýn peteklere niýetlenen multimediýa ekran, şeýle hem dürli ölçeglerdäki maglumat yşyk diod manitorlar ornaşdyrlandygyny,bulardan başga-da birinji gatda 140 orunlyk zal, awtobus peteklerini, howa we demirýol ulaglarynyň peteklerini satýan kassalar, sorag – jogap gullygy, ýükleri saklamak üçin kamera, dürli gulluk otaglary niýetlenendigini görüp her bölüm barada mugallymyň düşündiriş geçmekligi talyplarda has täsir galdyrdy.Ondan başga-da bu ýerde dermanhana, lukmançylyk otagy, market hem-de dükanlar ýolagçylaryň hyzmatynda hereket edýär. Bu awtoulaglar bir günde 2000 adama hyzmat etmäge ukyplydyr we “TAXI” gatnawlaryna “Planshet we Internet “ hyzmatlary birikdirlendigini şol “TAXI” gatnawlaryny onlaýn çagyrmaklyk, onlaýn hem-de nagt däl hasaplaşyk geçirmekligiň işini öwrendiler. Raýatlara hyzmat etmek üçin “Toýota “, “Hundai”, “Mercedec”,kysymly awtoulaglar ulanylmaga berlen. Döwrebaplaşdyrlan bu awtoulaglar halkymyz üçin elýeterli we amatly derejede hyzmat edýändigi bilen tanyşdyryldy.

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmek barada edýän aladalary örän uludyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak il ähmiýetli ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.