• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryacylyk@sanly.tm
BITARAPLYK PARAHATLYK AÝDYMY.

Şu gün derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy F.M.Mowlýanowanyň ýolbaşçylygynda “Logistikada operasion işi” hünäriniň höwesjeň talyplary bilen bilelikde “Bitaraplyk parahatlyk aýdymy” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräni açyp bermeklik üçin derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýaşuly mugallymy G.Taşbaýew söz berildi. Mugallym öz sözüniň başyny gutlag sözler bilen başlamak bilen çäräni açyp berdi. Geçirilen çäräniň dowamynda türkmeniň milli saçagy, milli şaý – seýpler, “Logistikada operasion işi” hünäriniň talyplarynyň el ussatlyklary sergi esasynda gurnaldy. Çärä gatnaşyjylar talyplaryň ýerine sazlar, sahnalar, daşary ýurt tanslaryna, küşdepdi tanslaryna tomaşa etdiler. “Alkyş bolsun Arkadagly Serdara” hor aýdymy bilen çäremizi jemledik. Çärämiziň maksady talyplara şanly Bitaraplygymyzyň taryhy barada gürrüň bermek, Bitaraplyk döwründe ýetilen sepgitleri görkezmeklik, ýaş nesillerimize milli terbiýe bermek, gözýetimini, dünýägaraýşyny ösdürmek. Talyplar bilen şular ýaly şowhunly, terbiýeçilik äheňli çäreleri geçirmeklige mümkinçilik döredip beren Mähriban Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza bolsun aýtmaklyk bilen janynyň sag, başynyň dik, tutýan tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.