«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny taryha ugradyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny garşy alan Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri täze ýylyň ilkinji gününde Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasyna welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, il sylagly ýaşulularyň we medeniýet, sungat işgärleriniň hem-de Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Döwlet baýdagymyzyň galdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada söz açmak bilen, täze ýylda öň¬de durýan belent maksatlar, wezipeler hakynda çykyş etdiler. Bu babatda, täze başlanan ýylyň adyndan belli bolşy ýaly, ýaşlara uly orun degişlidir. Ýaşlar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Baýramçylyk dabaralary soň¬ra Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan belent başly arçanyň töwereginde ýaýbaň-landyryldy. Şeýle baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäheriniň birnäçe seýilgählerinde we medeniýet ojaklarynda giç agşama çenli dowam etdi. Älemgoşar öwüşginli baýramçylyk arçasynyň töweregine ýygnananlar dabaranyň şatlykly pursatlaryna şaýat boldular.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan täze ýylyň has uly ösüşleriň ýyly boljakdygyna pugta ynanyp, bu nurana baýramçylyk bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli halkymyzy, tüýs ýürekden gutlaýaryn.