• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
“Mertler Watany goraýar”

Mälim boluşy ýaly ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly ruhybelentlik bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününe bagyşlanyp Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp oglanlary bilen bilelikde harby işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmanabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky baş drama teatrynda baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň badalga beren “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ata - Watanymyzyň asudalygyny gorap, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan tutumly işleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Uly şatlyga şowhuna beslenen bu çärede edermen Watan goragçylarymyzy, ata - Watanymyzy wasp edýän sahnalar we çykyşlar ýerine ýetirildi. Soňra çärä gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!

Mundan başga-da “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ilkinji bellenilýän bu ajaýyp baýramçylykda Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýine gezelenç gurnaldy. Muzeýde talyp ýaşlarymyzyň gelejekde watana bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň arasynda watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik we dost doganlyk ýörelgelerini gelejekde harby hünär başarnyklaryny artdyrmak, Watany goraýan gaýratly, merdana talyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen talyplara Beýik Watançylyk urşuna degişli bolan ekspanatlary, gurallary, söweşde ulanylan ok ýaraglaryň görnüşlerini, esgerleriň uruş döwründe ulanylan ýörite geýimlerini we weteranlaryň suratlaryny, medallary görkezildi. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň asudalygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň binýadyny berkitmek bilen mähriban halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagy hakynda edýän aladasynyň netijesidir.