Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri bilen “Milli demokratiýa rowaçlanýar” atly hoşallyk maslahatyny geçirildi we muzeýe gezelenç edildi.Maslahatda mekdebiniň mugallymy A.Pirimowa öz çykyşynda: Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” turuwbaşdan taryhy wakalara beslenýär. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Halk Maslahatynda birnäçe taryhy çözgütler, kararlar kabul edildi. Mejlisde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy-Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi hem-de Türkmenistanyň Halk Gahrymany, Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar edildi. Bu taryhy çözgüt, öz nobatynda, milli kanun çykaryjylyk işinde täze has işjeň tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Tutuşlygyna alanda, munuň özi kanun çykaryjylyk ulgamynyň täze hil-häsiýete eýe bolýandygyny, oňa geljekde jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri ilerlemekde möhüm ähmiýet beriljekdigini öz çykyşynda belläp geçdi.
Ondan başga-da maslahatda mekdebiniň mugallymy Ý.Ýazmyradow öz çykyşynda: 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Maslahatlar köşgünde Türkmenistanyň Parlamentini iki palatadan bir palatan geçmek maksady bilen Konstitusion we konstitusion kanunlaryna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmek barada maslahat geçirildi. Maslahatda gatnaşyjylar Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzy dolandyrmakda uly işleri ýerine ýetirilendigini göz öňünde tutup Gurbanguly Berdimuhamedowa Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigini öz sözünde belläp geçdi.
Soňra mekdebiniň talyby O.Hümmedowanyň eden çykyşy diňlenildi. Ol öz çykyşynda: Her bir talybyň kalbynda öz maksady, hyjuwy bardyr. Hormatly Prezidentimiziň biz talyp ýaşlar barada edýän aladalary çäksizdir. Bu ýylyň ady “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Elbetde Arkadagly Serdarymyzyň aladasy biz bilen. Biziň maksadymyz gün-günden has hem kämilleşip ylym-bilim derejämizi artdyryp Watana hyjuwly, wepaly hyzmat etmekdir. Şular ýaly ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.