• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
“Halkara zenanlar güni mynasybetli” geçirilen baýramçylyk dabarasy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda 8-nji mart Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli sowgat bermek hakynda buýruga gol çekdi.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda mekdebimiziň zenan işgärlerine hem-de talyp gelin-gyzlarymyza, hormatly Prezidentimiziň pul sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Milli gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgisini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyz, mylakatly, dilleri senaly enelermiz, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyz ajaýyp baýramyňyz gutly bolsun!

Talyp ýaşlarymyzyň arasynda geçirilýän her bir çärämizi milli miras bilen baglanşdyryp guramagymyzyň oňa gatnaşýanlarda ýakymly duýgulary döredýändigine begenjimiz çägi ýok. Bizi şeýle eşretli durmuşa ýetiren halkyny Gün kibi çoýýan, her bir türkmen ojagynyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.