“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Sizi gysga möhletleýin täze okuw hünärleriniň açylýandygyny we şol hünärlerde mekdep okuwçylaryň talyp ýaşlaryň,edara işgärleriniň şu aşakdaky okamaga mümçiliginiň bardygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýäris!
Eklenjinden aýrylan ýarym ýetim 24 ýaşa çenli bolan oglan - gyzlara okuw üçin töleg döwlet serişdesiniň hasabyna tölenilýär.
Hünärleriň atlary we möhletleri:
1.Aşpez. 3 aý.
2.Kiçi göwrümli gämileri sürüji. 3 aý.
3.Kompýuteriň operatory. 3 aý.
4.Läbik sorujynyň maşinisti. 3 aý.
5.Rulçy - motorçy. 4 aý.
6.Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji. 4 aý.
7.Gaz paýlaýjy stansiýanyň operatory. 6 aý.
8. Arhiwçi. 5 aý.
9.Suwa çümüji. 6 aý.
10.Mirap. 3 aý.
11.Gaz geçirijileri gurnaýjy we abatlaýjy slesar. 3 aý.
12.Elektromontýor. 3 aý.
13.Elektromontýor. 1 ýyl. (gündizki - agşamky)
14.Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi. 1 ýyl. (gündizki - agşamky)