• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Hormatly Ýaşulularymyz türkmen ýaşlary üçin mukaddes mekdepdir

    Oktýabr.2.2025

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy: M.Ýagmurowa Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky biien Watandyr! Döwlet diňe halky bile döwletdir!” ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara güni pähim paýhasly ýaşuly nesle bolan belent hormaty dabaralandyrýar. Uludan toýlanýan baýramçylyk türkmen gojalarynyň döwletimiziň özygtyýarlylygyny berkitmek, halkymyzy agzybirligini pugtalandyrmak, milli däp-dessurlary ösdürmek, ilhalar perzentleri kemala getirmek babatda Watan öňünde bitirýän işlerine goýulýan sylag-sarpanyň çäksizdigii alamatlandyrýar. Türkmençilikde il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwletimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalýar. Halkymyzyň ýaşuly sarpasy babatda döreden nakyllary biziň günlerimizde aýratyn ähmiýete eýedir.Ýaşuly nesil biziň jemgyýetimizde, onuň aýrylmaz bölegi bolan maşgalada agzybirligiň nyşany hasaplanylýar. Hut şonuň üçinem halkyň dilinde: «Haýsy öýde agzybirlik höküm sürýän bolsa, ogul - atany, gyz - enäni sarpalaýan bolsa, şol öýüň ulusyna-kiçisine görelde mekdebi bolup bilýän ýaşulusy bardyr. Haýsy obanyň adamlary biri-birini sylap, hormatlap şatlygyny-gaýgysyny paýlaşyp bilýän bolsa, şol obanyň kethudalary diýseň sylagly adamlardyr» diýen ýaly sözler aýdylýar. Paýhas-parasady bilen tutuş ile görelde bolýan ýaşulularymyz bu günki gün ýaşlaryň arasynda edep-terbiýe meselesini wagyz etmekde olaryň ata-babalarymyzyň ýörelgelerine wepaly, ygrarly, watansöýüji bolup ýetişmeklerinde iňňän uly orun eýeleýärler.Bu barada Hormatly Prezidentimiz: «Her bir işde ýaşululara - atalarymyzdyr enelerimize sala salýan, pederlerimiziň baý durmuş tejribesinden çuňňur mazmunly öwüt-ündewlerini goldanýan ýaşlarymyz bu gün durmuş-ykdysady medeni-sport, jemgyýetçilik-syýasy we ynsanperwer-döredijilik ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri bilen ýurdumyzyň at-abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşýarlar. Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdýan ýaşulularymyzyň: göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir» diýip, belleýär. Sözüniň soňunda Halkyň bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýaşlar nusgalyk ýol görkezýän watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni: G.Çaryýewa Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň pendine eýerip, ýaşuly sarpasyny belende göterýär. Ýurdumyzda her bir tutumly işiň başy ýaşulularyň doga-dilegleri bilen başlanýar. Döwlet derejesinde geçirilýän toý-baýramlarda, şanly senelerde, aýdym-saz konsertlerde öň hatarlarda oturan ak sakgally gojalara, ak gyňaçly enelere gözüň düşende kalbyň aram tapýar.Ýaşuly nesilleri sylamak, belent adamkärçilikden nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşulularyň baý durmuş tejribesi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli däp-dessurlary berjaý etmekde, agzybirligi, asudalygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Ýaşulular her bir işde bize pähimdar maslahatçy. Ulynyň sözüne sarpa goýmak, onuň pikirini diňlemek biziň milli terbiýämizde has güýçli hem bolsa ahmal diýip, örän jaýdar nygtap belleýär. Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda kabul edilen “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty” 2021 -2025-nji ýyllar üçin tassyklanan döwlet maksatnamasy hem-de bu maksatnamany durmuşa ornaşdyrmaga çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy bolsa ýurdumyzda ýaş nesillerimize berilýän ünsüň çäkşizdiginiň mysaly bolup durýar. Ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan işler bolsa geljege bolan ynamyňy artdyrýar. Ýaşlary geljegiň güýjüne deňeýän milletimiziň asylly dessuryna laýyklykda watanymyzda kämil nesli kemala getirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ählisinde hem ertirki günüň aladalary aýdyň duýulýar. Sözüniň ahyrynda ýaşlara okamaga, işlemäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Ýagmurowa Madina