
Ýakynda Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada kun.uz saýty habar berdi.
Gepleşiklerde sürüjiler üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek we töleg amallaryny ýeňilleşdirmek, Farap — Alat serhet geçelgesiniň işini kämilleşdirmek, nobatlary we garaşmak üçin sarp edilýän wagty azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem çalt zaýalanýan ýükler üçin aýratyn geçelge döretmek, bitarap çäkde ikinji köprüni gurmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýük daşamaga niýetlenilen awtoulag we demir ýol gatnawlaryny çaltlandyrmak, agram we ölçeg çäklendirmelerine täzeden garamak, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy bildirilen tekliplere garamaga we olary degişli döwlet edaralaryna ýetirmäge taýýardygyny mälim etdi.