• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Hytaý dünýä boýunça gämi gurluşyk bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär

    Fewral.18.2024

Hytaýyň gämi gurluşyk senagaty Assosiasiýasynyň maglumatlary boýunça 2023-nji ýylyň on aýynyň netijelerine görä, Hytaý dünýä gämi gurluşyk bazarynda öňdebaryjylygyny saklamagyny dowam etdirýär. Hytaý önümçiligiň mukdaryny hem-de täze sargytlary ýokarlandyrdy.

Hytaý 2023-nji ýylyň 10 aýynda umumy tonnasy 34,56 million dwt agyrlykdaky gämileriň gurluşygyny tamamlady, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 12% köp we dünýä boýunça umumy mukdarynyň 49,7% emele getirýär.

Ýanwar aýyndan oktýabr aralygynda Hytaý gämi gurluşykçylary tarapyndan alnan täze sargytlar geçen ýyl bilen deňeşdirilende 63,3% ýokarlanyp, 61,06 million dwt boldy, bu bolsa dünýädäki täze sargytlaryň 67% emele getirýär.

Sentýabr aýynyň ahyryna pudagyň häzirki sargytlarynyň mukdary 133,82 million dwt ýetdi, bu bolsa öten ýylkydan 28,1% köp. Dünýädäki umumy mukdaryň 54,4% Hytaýyň paýyna düşdi.

Çeşme: "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi