• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlara ýeňil senagat önümleri ýerlenildi

    Fewral.21.2024

Sişenbe güni, 20-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýurdumyzda öndürilýän ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.

Daşarky bazarda Türkiýäniň telekeçileri nah ýüplügini satyn almak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri taýýar düşekçe toplumynyň iki görnüşini satyn almak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 46 109,99 manatlyk we 3 863 960 dollarlyk 2 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: Orient