• Речная средняя професиональная школа города Туркменабад
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp Gözeli 2024” bäsleşigi geçirildi

    Февраль.27.2024

Mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp Gözeli 2024” bäsleşigi geçirilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen sözlerinden ruhlanyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinip talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşigini geçirildi.

Bäsleşigiň şertleri:

-Salamnama (hünärini, özüni tanyşdyrmak dowamlygy 5 minut).

-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna sowagt eden “ýaşlar watanyň daýanjy atlykitabyny wasp etmek (edebi sazly kompazisiýa dowamlygy 5-7 minut).

-«Hünärim bar — hormatym bar». Bu şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmek, Türkmeniň milli lybasyny (el keşdesini, örme jorap, alaja sungaty, tahýa we ş.m) girýän milliligimizi wasp etmek (wagty 10 — 15 minut).

-«Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmeli (wagty 10 minut).

-Bereketli türkmen saçagy kitabyndan ugru alyp türkmen saçagyny bezemek.

ýokardaky şertler boýunça öz ukuplaryny görkezip bäsleşikde baş baýraga 1-nji, 2-nji, 3-nji, höweslendiriji orunlar mekdebiň ilkinji ýaşlar gurmasynyň başlygy, ilkinji Kärdeşler arklaşygynyň başlygy, ilkinji zenanlar gurmasynyň başlygy tarapyndan Hormat hatlar, Gymmat bahaly sowgat gowşuryldy. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemmişe rowaçlyklara beslensin!