• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň enelerini we ähli gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady

    Mart.08.2024

“Sizi göwünlere ylham berýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Başymyzyň täjine deňeýän enelerimize, ýüzümiziň tuwagy bolan gelin-gyzlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, durmuşyňyzyň gül-gülälekli, hoştap howaly mylaýym bahar ýaly owadan bolmagyny arzuw edýärin” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda, mertebesiniň beýgelmeginde türkmen eneleriniň, mährem gelin-gyzlarynyň hyzmatynyň uludygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany häzirki döwürde ýurduň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini, gender deňliginiň kanun arkaly üpjün edilýändigini we olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda hem ýurtda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde penşenbe güni sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýurduň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert geçirildi.