• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy

    Aprel.03.2024

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 475 müň ABŞ dollaryna barabar bolan “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Birža söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Owganystanly telekeçi Jet A-1 kysymly awiakerosini satyn almak boýunça geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy bahasy 1 million 159 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Türkiýäniň işewürleri jemi bahasy 3 million 381 müň 755,55 ABŞ dollaryna barabar bolan ýekegat kardly agardylmadyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin TPP D 30 S kysymly polipropileni, türkmen el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 409 müň 788 manatdan geçdi.