• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Özbegistan we Täjigistan üstaşyr ýük daşamalarynda rugsatnamalary aýyrarlar

    Aprel.30.2024

Özbegistan we Täjigistan üstaşyr ýük daşamalarynda talap edilýän rugsatnamalary ýatyrýarlar diýip, Täjigistanyň ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Munuň özi ýük daşamalaryň wagtyny azaldar hem-de ýüklere zeper ýetmek töwekgelçiligini azaldar. Üýtgeşmeler iki ýurduň degişli resminamany tassyklan pursatyndan güýje girer.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýakynda Täjigistana amala aşyran saparynyň dowamynda iki ýurduň ulag ministrleri 2018-nji ýylyň 8-nji martynda gol çekilen halkara awtoulag gatnawy baradaky Hökümetara ylalaşygyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama gol çekdiler.

Häzirki wagtda iki döwletiň çägi boýunça her ýyl 1200 üstaşyr ýük daşamasy amala aşyrylýar.