• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
“2023-nji ýyl - Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli geçirilen maslahat.”

Şu gün Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat guramasynyň işgärleri, Lebap welaýatynyň baş bilim müdürligine degişli edaralaryň mugallymlary, Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň we Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenabat şäher häkimliginiň işgärleri hem-de Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen birlikde Türkmenabat şäher häkimliginde “2023-nji ýyl - Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bölüm müdiri Agamyrat Jumaýew öz çykyşynda: Mälim boluşy ýaly 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisi geçirildi.Onuň dowamynda Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Gün tertibi “Parahatçylyk medeniýeti” atly 14-nji bölümine laýyklykda “2023-ýyl Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamany kabul etdi. Bu çözgüde gurama agza ýurtlaryň 68-si awttordaş bolup çykyş etdi.

Bu resminamada BMG-ni Tertipnamasynyň esasy maksatlary we ýörelgeleri, ilkinji nobatda jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek borjuny görkezýär. Kararnama öz içine birnäçe meseleleri alýan gepleşikleriň dürli görnüşleriniň agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini öz çykyşynda belläp geçdi.

Soňra Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy K.Meredow öz çykyşynda: «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere görä, telekeçilige sanly ulgam toplumlaýyn ornaşdyrylýar. Innowasion başlangyçlary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, elektron işewürligi, harytlary sanly ulgam arkaly eltip bermek boýunça hyzmatlary giňeltmegiň hasabyna işewürlik hem-de jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň, aýratyn-da, çet-gyraky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek, ýaşlar telekeçiligini goldamak barada aýdanlary başymyzy göge ýetirýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan durmuşymyza buýsanmalydyrys.Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga uly mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýüreginden diledi.