Bahar paslynyň owadan günleriniň birinde ýagny, Mart aýynyň 16-syna Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda ýagny, Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Himiýa orta hünär okuw mekdebi we Türkmenabat şäherindäki 2-nji başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlarynyň gatnaşmagynda Milli Nowruz baýramy mynasybetli “Nowruz tagamlary” atly bäsleşik geçirildi. Türkmeniň mukaddes ojagynyň abraýy, ar-namysy, durmuşyň geljegi hasaplanýan mähriban uýalarymyzyň Watanymyzyň rowaçlanýan işlerine goşýan ägirt uly goşantlaryny dünýäde giňden tanalýan türkmen topragyna buýsanjyny, halkyna, ene-atasyna, maşgala ojagyna, söýgüsine wepasyny ýüze çykarmaklygy, şeýle hem olaryň sungatynyň dürli görnüşleri boýunça ussatlyklaryny, şahsy başarnyklaryny aýan etmekligi hem-de Türkmeniň milli Nowruz baýramçylygyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary gatnaşyp, olar dört şert boýunça özara bäsleşdiler.
Bäsleşigiň “Arkadagly Serdarymyz bilen bagt daňy atan, Nowruz toýuň bilen, mübärek Watan!” şertinde talyp gyzlar özleri bilen tanyş etdiler. Bäsleşigiň “Bereketli türkmen saçagy” şertinde bolsa, Hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, öz elleri bilen taýýarlap bir işdäaçary we bir naharyň taýýarlanyşyny, onuň ähmiýetini çeper dilde gürrüň berdiler. Soňra bäsleşigiň “Hany bakaly gyzlar” atly üçünji şertinde Türkmen milli tagamlarynyň biri bolan, un aşyny taýýarlamak boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň “Nowruz geldi, gül ülkeli Diýara!” atly jemleýji şerti bolsa bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri, türkmeniň milli Nowruz baýramy mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän bir aýdymy, goşgyny ýa-da degişme sahnasyny bilen ýaryşdylar.
Bäsleşigiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Bäsleşikde Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 207-nji toparynyň talyby Gülnäz Saparowa hem üstünlikli çykyş edip 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyp gyzlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.