• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan we Gruziýa bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy maslahatlaşdylar

    Iýun.05.2024

Türkmenistan we Gruziýa bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary taýýarlamak meselesi Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Georgiý Amilahwariniň arasynda Tbiliside geçirilen duşuşykda maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Georgiý Amilahwari ylmy-bilim ulgamynyň döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Şeýle hem duşuşykda taraplar ylym, bilim we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we olary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Habaryň çeşmesi