• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan-Günorta Koreýa: Göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň möhümdigi bellenildi

    Iýun.13.2024

Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol sişenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Ýun Sok Ýol uglewodorod serişdelerine örän baý bolan hem-de tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň senagat ulgamynda öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalara eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ykdysady hyzmatdaşlygyň, ozaly bilen, energetika babatynda hyzmatdaşlygyň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

“Gämi gurluşyk pudagynda-da netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu ugurda Günorta Koreýa kuwwatly senagat mümkinçiligine eýedir. Häzirki wagtda “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda koreý we türkmen hünärmenleri bilelikde köp maksatly deňiz gämilerini gurmagyň üstünde işleýärler” diýip, Prezident Ýun Sok Ýol öz çykyşynda belledi.

Prezident Ýun Sok Ýol Günorta Koreýa bilen Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny aýdyp, işewürlik maslahatynyň däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşyk geçirdi.

Habaryň çeşmesi