• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Gyrgyzystanda GDA ýurtlarynyň Halkara meýletinçiler forumyna Türkmenistanyň wekilleri gatnaşýar

    Awgust.05.2024

Türkmen wekiliýeti 1-nji awgustda Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl sebitiniň Çolpan-Ata şäherinde başlanan GDA ýurtlarynyň Halkara meýletiçinler forumyna gatnaşýar.

Foruma Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 120 wekili gatnaşýar diýip, Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berilýär.

Forumyň maksady, GDA ýurtlarynda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde, döwletara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we meýletinçilik işleri ösdürmek.

Forumyň dowamynda aşakdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar:

• GDA agza ýurtlaryň arasynda meýletinçilik işi ugrunda tejribe alyşmak;

• meýletinçilik işi boýunça guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek;

• durmuş, daşky gurşaw we ykdysady meseleleri çözmek üçin meýletinçileriň ähmiýetine ünsi çekmek;

• Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanan Durnukly ösüş maksatlaryna GDA ýurtlaryndaky meýletinçilik işi boýunça guramalaryň goşulmagy;

• işjeň raýat jemgyýetiniň döremegi we ýaşlaryň meýletinçilik çärelere gatnaşmagy üçin şert döretmek.

Habaryň çeşmesi