• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan halkara sergi işini ilerledýär

    Ýanwar.17.2025

2025-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçiriljek forumlar halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň öňüsyrasynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň giň gerimli çäreleri bilen utgaşjak bu forumlar daşary döwletler hem-de olaryň işewürlik düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ilerletmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna maýa goýumlary çekmäge, şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri ýaýbaňlandyrmaga ýardam eder.

Bu ýylda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda we utgaşdyrmagynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletleriň birnäçesinde halkara forumlaryň onlarçasy geçirilip, olar türkmen döwletiniň dürli ugurlarda ýeten derejesini, şeýle hem täzeçil tehnologiýalara, döwrebap innowasiýalara esaslanýan ykdysady pudaklaryň ösüşini aýdyň şöhlelendirer. Bu çäreleriň hatarynda, esasan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, milli önümlere bolan islegleri artdyrmaga, senagatyň täze önümçilikleri bilen tanyşdyrmaga, dürli görnüşli önümleri öndürýän we hyzmatlary hödürleýän işewürlere täze hyzmatdaşlary tapmaga ýardam edýän sergilere möhüm orun degişli.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum, birleşmäniň agzalarynyň maslahaty, aprelde «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka, «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat, iýunda «Turkmentextile Expo — 2025» atly sergi-ýarmarka, awgustda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler. Bulardan başga-da, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan forumlardan iýun aýynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde we nebitgaz serişdelerini gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat, oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi, sentýabrda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — durnukly ösüşiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat, noýabrda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat, «Türkmentel — 2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi ýaly iri senagat forumlary guralar.

Daşary ýurtlaryň milli önümleriniň ýurdumyzdaky we türkmen önümleriniň daşary ýurtlardaky sergileri, ugurdaş maslahatlar hem-de işewürlik duşuşyklary senagatlaşdyrma işlerini, hususyýetçiligi döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmekde, daşary ýurtly wekiller bilen tejribe alyşmakda, bilelikdäki taslamalaryň ýola goýulmagynda täze gözýetimleri açar. Geçen ýylda hem paýtagtymyzda Owganystanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň milli önümleriniň sergileri hem-de ugurdaş maslahatlar üstünlikli geçirilip, täze söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna täze mümkinçilikleri döredipdi.

2025-nji ýylyň degişli çäreleriniň hatarynda, däp bolşy ýaly, ýurdumyzda bellenilýän seneler we baýramçylyklar mynasybetli geçiriljek maslahatlardyr sergilere hem aýratyn orun degişlidir. Şunda, hususan-da, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni, Türkmen bedewiniň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Hazar deňziniň güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergilerdir maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze basgançaklara çykarmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek işine döwletimiziň ösüş strategiýasynda möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny we sergisini, şeýle-de Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ykdysady taýdan ýokary mümkinçiliklere eýe bolan pudaklaryň infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegini, bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegini nazarda tutýar. «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň guralmagy Bitarap döwletimiziň medeni diplomatiýasyny ilerletmekde ýene bir möhüm ädim bolar.

Bu forumlaryň maksady ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, täze özgertmeleri halk köpçüligine we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly wekillere tanyşdyrmakdan, täze gatnaşyklary ýola goýmakdan, eksport-import amallaryny netijeli ösdürmekden ybaratdyr. Aýratyn-da, senagat önümçiliginiň depginli ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolan halkara sergi-ýarmarkalar häzirki döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp barha kuwwatlanýan döwletimiziň hususy pudagynyň mümkinçilikleriniň artmagyna uly täsir edýär. Olaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň işewürlik düzümleri bilen köp sanly hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekilip, täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmeginiň, söwda dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artmagynyň esasyny düzýär. Muny geçen ýylda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen sergileriň mysalynda hem görüp bilýäris. Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen wekiliýeti dürli ugurlara degişli halkara sergilere hem gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilip, kabul edilen «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär. Ýurdumyz Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlere işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan Şanhaýda, Milanda, Astanada, Dubaýda geçirilen EKSPO sergilerinde mynasyp wekilçilik etdi. Şu ýylda bolsa Türkmenistan Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO 2025» bütindünýä sergisine hem milli gymmatlyklara we täzeçilliklere esaslanýan ykdysady kuwwatyny alamatlandyrýan pawilýony bilen gatnaşar.

Sergiler täze önümleri we olaryň ulanylyşyny, bazaryň ýagdaýyny hem-de önümçiligiň, söwdanyň ösüş ugurlaryny öwrenmäge, dürli meseleleriň çözgüdini tapmaga, tejribeleri, täze pikirleri alyşmaga, sergileriň çäklerinde guralýan ylmy maslahatlara gatnaşmak arkaly işewürlik pudagynyň şu güni hem-de geljegi barada has giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär. Bu pudagyň bütin Ýer ýüzünde işjeň ösýändigini statistiki görkezijiler bilen delillendirmek bolar. Tejribeli halkara bilermenleriň çaklamalaryna görä, dünýäde sergi bazarynyň möçberiniň 2030-njy ýyla çenli 60 milliard ABŞ dollaryndan hem ýokary (häzirkiden 2 esse ýokary) bolmagyna garaşylýar. Ine, şeýle uly geljegi bolan, ýurduň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmegine itergi berýän bu ugra ýurdumyzda uly üns berilýändigi aýratyn bellärliklidir.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen atlandyrylan ýylda giň gerimde geçiriljek forumlar dürli ugurlarda täze ösüşlere ýol açmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň giňden wagyz edilmeginde, dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň ilerledilmeginde hem möhüm ähmiýete eýe bolup, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýene bir gez belende göterer.

Habaryň çeşmesi