• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Eýranyň Gümrük edarasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabatda boldy

    Ýanwar.23.2025

21-22-nji ýanwar aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabat şäherinde boldy.

Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, wekiliýetiň iş sapary ikitaraplaýyn iş duşuşygyndan başlandy. Onda iki ýurduň gümrük gulluklarynyň 2024-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri, Howdan-Bajgyran, Artyk-Lotfabad we Sarahs-Sarahs gümrük nokatlarynda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygynyň möçberini artmagynyň mümkinçilikleri, gümrük gözegçiliginiň netijeliligi hem-de harytlar babatda gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Ygtyýarly ykdysady operatorlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýüze çykarylan kada bozulmalary barada maglumat alyşmak we iki tarapdaky daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin gümrük kadalary barada okuw çärelerini geçirmek barada karar edildi.

Şeýle hem eýranly myhmanlar gümrük gullugynyň muzeý otagyna baryp, Türkmenistanda gümrük gullugynyň emele gelişiniň taryhy we onuň häzirki wagtda alyp barýan işi bilen tanyşdylar, soňra wekiliýet Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezine baryp gördi.

Eýranly gümrükçileriň iş sapary Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine we Halkara gümrük terminalyna baryp görmek bilen tamamlandy diýlip, habarda bellenilýär.

Habaryň çeşmesi