• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Daşary ýurtlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny gutlaýarlar

    Oktýabr.12.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden, görnükli syýasatçylardan gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.

Hatlary iberenler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler.

Hususan-da, olar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana mundan beýläk-de parahatçylyk, gülläp ösüş, Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edýärler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna şeýle gutlag hatlary Malaýziýanyň Patyşasy Soltan Ibragimden, Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saidden, Senegal Respublikasynyň Prezidenti Bassiru Diomaý Faýdan, Somali Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Hasan Şeýh Mohamuddan, Kipr Respublikasynyň Prezidenti Nikos Hristodulidisden gelip gowuşdy.

Habaryň çeşmesi