• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Ermenistanyň Premýer-ministri Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirýär.

    Ýanwar.02.2026

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen Täze ýyl gutlagynda Ýerewan bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

«Ýetip gelen 2026-njy ýylda Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna ynanýaryn» diýlip, N.Paşinýanyň gutlagynda bellenilýär. Gutlag dolulygyna TDH-niň saýtynda çap edildi.

Gutlagyň ahyrynda Ermenistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýär.

Habaryň çeşmesi