• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny Waýtangi güni bilen gutlady.

    Fewral.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Habaryň çeşmesi