• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

    Fewral.03.2026

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we ýörite wekili Serhio Gor 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň sosial ulgamlaryndaky sahypasynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýada sebit howpsuzlygyny berkitmek we ykdysadyýeti ösdürmek babatda gazanylan öňegidişlikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Amerikan tarapy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda iki ýurduň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Söhbetdeşlik ABŞ we Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dowam edýän dialogyň çäklerinde amala aşyryldy.

Habaryň çeşmesi