
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajyýew BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMGÖM-niň administratorynyň kömekçisi hem-de BMGÖM-niň Ýewropa we GDA boýunça sebit býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, durnukly ösüş, sanly transformasiýa ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň milli önümliliklerini BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmek ýaly mowzuklara deglip geçildi.
Ýatladyp geçsek, mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy martda Wepa Hajyýewi ýurduň Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekendigini habar beripdik.