
30-njy martda Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar, şol sanda parlamentara gatnaşyklary boýunça ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Duşuşykda parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň, telekeçileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň, parlamentler derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogynyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň, demografiýa meseleleri boýunça geçiriljek çäreleriň ähmiýeti barada hem belläp geçdi.