
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara gün tertibini maslahatlaşdylar. Gepleşikde sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn orun berildi. Taraplar dartgynlylygyň öňüni almak we gapma-garşylykly ýagdaýlary kadalaşdyrmak maksady bilen, öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik gurallaryny ulanmagyň möhümdigini nygtadylar.
Ministrlikleriň ýolbaşçylary Hazar meselesiniň üstünde aýratyn durup geçdiler. Taraplar Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligi bolup galmalydygyny tassykladylar hem-de sebitdäki ekologik ýagdaýa biynjalyklyk bildirip, bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdylar.
Gepleşikleriň netijesi boýunça Meredow we Arakçi mundan beýläk-de diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bellediler we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça yzygiderli habarlaşyp durmak barada ylalaşdylar.
Telefon arkaly gepleşik eýran tarapynyň başlangyjy bilen amala aşyryldy.