• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
USAID zenanlar üçin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda täze mümkinçilikleri açýan taslamany işe girizýär

    Fewral.22.2024

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Sanly Çözgüt” kompaniýasy we “Sanly Bilim” bilim merkezi bilen bilelikde telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany işe girizýär. “Zenanlaryň arasynda “Salesforce” işläp taýýarlaýjylar üçin okuw kursy” diýlip atlandyrylýan bu taslama maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda zenanlaryň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär.

Taslamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýaşaýan we 18 ýaşdan geçen zenanlar web-işläp taýýarlamalar we maglumat tehnologiýalaryny dolandyrmak boýunça bilimleri alarlar. Bu olara özleriniň özbaşdak işlerini açmagyna şert döreder. Mundan daşary, olar bu ugurda ozal bar bolan ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirerler.

Okuw taslamasy martdan sentýabr aýyna çenli 6 aýlap dowam edýär. Okuw möwsümi 5 tapgyrda geçiriler: “Salesforce” okuwlary, Ýörite maksatlar üçin iňlis dili, şahsy ösüş tälimleri: hünär endikleri ösdürmek, “Dreamforcer” hakatony, jemleýji pitç-güni.

Taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän zenanlar 3-nji marta çenli özleriniň arzalaryny tabşyrmalydyrlar. Taslama gatnaşjaklaryň orun sanynyň çäkli bolandygy sebäpli, dalaşgärler bäsleşik esasynda seçilip alnar.