• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara Arkadag şäherinden öýler berler

    Fewral.25.2024

Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryndan amatly öýler berler.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji fewralda Arkadag şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda bu barada belläp geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlary, olara ilata göçürip getirmek işleriniň alnyp barlyşy bilen gyzyklanyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndan amatly öýleriň berilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalaryň sanawy hem-de häzirki döwürde ilaty täze jaýlara göçürip getirmek işleriniň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi meseleleri bilen gyzyklanyp, ýaşaýyş jaýlarynda agyz suwy, elektrik energiýasy we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly meselelerde bökdençliklere ýol berilmeli däldigini, täze jaýlarda maşgalalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.