• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw mümkinçilikleri täze ýörite enjamlar bilen goldanylar

    Fewral.26.2024

21-nji fewralda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi umumy mukdary 962094 ýewro bolan ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy.

Ýeňil we ýük awtoulaglaryny barlamak üçin iň täze tehniki çözgütlere laýyk gelýän bu ýörite enjamlar okuw merkezinde amaly okuwlar wagtynda ulanylar we gümrük işgärleriniň bikanun daşalýan harytlary ýüze çykarmak üçin serhet nokatlarynda netijeli barlag geçirmek boýunça başarnyklaryny güýçlendirer.

Mundan başga-da, BOMKA 10 okuw prosesinde ulanmaga niýetlenen, şeýle hem uzak aralykdan okamak üçin interaktiw tagtany, proýektorlar, ekranlar we planşetler bilen hem üpjün etdi.

Bu enjamlar gümrük, weterinariýa we fitosanitar okuw jaýlarynyň kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen BOMKA 10 “Serhetlerden kanuny söwda akymlaryny ýeňilleşdirmek” Maksatnamasynyň 3-nji bölümi boýunça alyndy.