• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
«Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasy ýurdumyzyň gämi gurluşyk bazaryna goşular

    Fewral.28.2024

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri bilen «Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasynyň Gazagystandaky direktory we söwda işleri boýunça dolandyryjysynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «S. Niýazow» gury ýük daşaýan gämisi üçin zerur bolup durýan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Esasan hem «S. Niýazow» gury ýük daşaýan gämisi üçin zerur bolup durýan baş hereketlendirijisiniň we dizel-generatorlarynyň tehniki häsiýetnamasy we çyzgylary baradaky maglumatlar taraplaryň arasynda paýlaşyldy. Şeýle hem Zawodyň wekilleri tarapyndan agzalan gämi üçin satyn alynjak enjamlaryň halkara klassifikasion jemgyýetleriň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylmagy möhüm orunda bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda kompaniýa tarapyndan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan berilen teklipler serediljekdigini bellenildi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyna ynam bildirildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň «Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasy 1946-njy ýylda döredilip, bu kompaniýa dünýäde awtoulaglar, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalar, deňiz gämileri (esasanam dizel hereketlendirijisini we hereketlendirijiniň geçirijisi), şeýle hem, awtobuslar, ýük we ýeňil awtoulaglar, ýükleýji tehniklar, ammar ulgamlar, lyuks ýahtalar, energetika üçin enjamlar, gidrawliki nasoslar we ýangyç öýjükler üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň taslamasyny düzmekde we gurup bermekde öňdäki orunlary eýeleýär.