Okuw-usuly seminaryň gün tertibi boýunça maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çykaran kararlaryny, buýruklaryny we buýruk beriji häsiýetli resminamalaryny, gözükdirijilerini ýerine ýetirmek barada täsirli çykyşlary etdiler. Mundan başga-da seminara gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usuly işleriň alnyp barylyşyny kämilleşdirmek, mugallymlaryň sanly sowatlylygyny artdyrmak, talyplaryň ünsüni sapaga çekmek (gönükdirmek) babatda tejribeleri paýlaşmak, amaly, söhbet, tejribe sapaklarynda täsirliligi artdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak, mugallymçylyk kärinde peýdaly bolup biljek platformalardan peýdalanmagy ýola goýmak ýaly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mugallymlaryň we hünärmenleriň beýleki bilim edaralary bilen bilelikde işleşmekleri olaryň işinde hünäriniň kämilleşmegine getirer, höweslendirer.
Bize işlemäge, okatmaga, döretmäge şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!