• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan halkara ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär

    Mart.05.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň täze ýollary gurmak boýunça başlangyçlary öňe sürýändigini, munuň diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermän, eýsem, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny belledi.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri “TRT World” teleýaýlymynyň habarçysy Ýusuf Erimiň beren soragyna beren jogabynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, belleýşi ýaly, türki dilli döwletler Owganystanyň doganlyk halkyna uly kömek edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe degişli taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşdy.

Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi ugrunda hyzmatdaşlyk edip, täze emele getirilýän Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine goşandyny goşýar.

Şeýle hem Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda gatnawlaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň iri möçberli ýük daşamalary amala aşyrmak üçin ägirt uly kuwwatynyň bardygy nygtaldy.