• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary Milana ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy

    Mart.08.2024

Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “ B737-800” kysymly uçary çarşenbe güni Italiýanyň Milan şäherinde ýerleşýän Malpensa howa menziline ilkinji ýolagçy howa gatnawyny amala aşyrdy. Bu barada ýurduň Lombardi howa menzilleriniň metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabat-Milan ugry boýunça ilkinji uçuş mynasybetli dabara Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow we “Türkmenhowaýollary” agentlik kompaniýasynyň wekili Süleýman Durdyýew gatnaşdy.

Aşgabat-Milan/Malpensa-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “777-200 LR” kysymly uçary 2024-nji ýylyň 5-nji martynda Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça ilkinji göni ýolagçy howa gatnawyny amala aşyrdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär. Ýolagçylar üçin arzanladyş 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 31-nji martyna çenli dowam edýär.