• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Saratowly alymlar Türkmenistanda geçiriljek ylmy-amaly maslahata gatnaşyp bilerler

    Mart.11.2024

Saratowyň N.G.Çernyşewsk adyndaky milli barlaglar döwlet uniwersitetiniň alymlary Türkmenistanda bellenýän Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyp bilerler. Bu barada Russiýanyň Saratow oblastynda ýerleşýän ýokary okuw mekdebiniň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Bellenişi ýaly, türkmen tarapy dürli ýurtlardan bolan alymlaryň bu ylmy çärä gatnaşmaklary üçin amatlyklary üpjün edýär. Maslahatyň mowzuklaýyn ugry nonaotehnologiýa, biotehnologiýa, maglumat tehnologiýalary, lukmançylyk we ynsanperwer ugurlar ýaly ylmyň dürli ulgamlaryny öz içine alýar.

Habarda bellenişi ýaly, bu halkara ylmy maslahat dürli ýurtlardan bolan alymlaryň ylym we innowasiýa babatda bilimlerini we tejribelerini alyşmak üçin ajayp mümkinçilikdir. Şeýle çäreleriň geçirilmegi häzirki zaman tehnologiýalaryň ösdürilmegine we döwletleriň arasynda ylmy aragatnaşygyň berkidilmegine ýardam edýär.