• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň sebitlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

    Mart.09.2024

Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde bir sany 4 gatly 64 öýli täze ýaşaýyş jaýynda öý eýelerine açarlary gowşurmak dabarasy boldy.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde iki sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi.

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda dört sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylmagy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Şeýle açylyş dabaralary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň we Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Şypaly şaýolunyň ugrunda-da geçirildi. Bu ýerlerde, degişlilikde, üç sany 4 gatly, 24 öýli we bir sany 4 gatly, 32 öýli hem-de bir sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binalaryň ýanyndaky meýdançalarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.