• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Pakistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

    Mart.13.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kärdeşi Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

“Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen işleşmegi meýilleşdirýärin” diýlip, gutlagda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Asif Ali Zardarä şeýle hem tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde uly üstünlik, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.